Diñe söýgi hakynda...
Oka gözlerimden ýürek sözlerim,
Bagş edýän saña bahar ýazlarym,
"Söýýän" sözüm gaýtalamak hökmanmy?
Sözläp durka meniñ gara gözlerim.

Eger-de aldansan ilki söýgiden,
Galar ýüregiñde ömürlik ýara,
Bir zada ujypsyz, höwessiz bakyp,
Bolarsyñ dünýäde bir bagty gara..

Agajyñ uzyny derekdir derek,
Adamyñ aýnasy ýürekdir ýürek,
Beren wadalaryñ soñy bolmasa,
Ýürekdäki dörän söýgi biderek.

Ýollar weýran bolýarmyşyn siline,
Şemal zepir ýetir bagyñ gülüne,
Dilden çykan oýlanşyksyz ýeke söz,
Böwet bolup biler söýgiñ öñüne

Gyzyl gül ekseñ daşyna seret,
Onuñ ter ýapragy zaýalanmasyn,
Ýaryñ söýänligine bol ilki belet,
Soñra ýaş ýüregiñ paralanmasyn!

wWw.X-Forum.Lark.Ru 27.06.2018-den bäri diri!
© by Shirmamet

Shirmamet